Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Türkmenbaşy etrabynyň bilim bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini terbiýelemek, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak hem-de maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek maksady bilen «Maşgalam – baş galam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamyna çykyş edenler, gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylygy, mähremligi, arassaçylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, maşgala gymmatlylygyny, şeýle-de ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz barada aýdyp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, bagtyýar halkymyz üçin döwletli işleri durmuşa geçiryän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
 
                     
                     
                     
                             
                    












