Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda institutyň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Merjen Kakaýewa we institutyň talyby Abdulwaht Abdyrahymow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan uly üstünlikleri, ýeten beýik sepgitleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle üstünliklerden ruhlanýan ýaşlar duşuşygyň dowamynda ýürek joşgunlaryny aýdym-sazyň üsti bilen beýan etdiler.
Aýdym-sazly maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyz Türkmenistany beýik geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Batyr GURDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.