Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda üstümizdäki ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri dokmaçy ýaşlara düşündirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky dokma toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda maslahat geçirildi.
«Halk maslahaty — döwletli geňeş» ady bilen geçirilen maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi täze ösüşlere badalga berýän taryhy pursada öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu mejlisde taryhy menzillere, gazanylan üstünliklere göz aýlanyp, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk hem gowulandyrmagyň, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredildi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çuň manyly çykyşyndan berkarar döwletimiziň garaşsyz ösüşiniň gymmatlyklary, pederlerimiziň döwletlilik ýörelgeleri, ýaş nesli mynasyp terbiýelemek, geljegiň aladasy baradaky meseleler her birimiziň kalbymyzda uly buýsanç, guwanç duýgularyny oýardy.
Ruhubelentlikde geçen maslahata gatnaşanlar diýarymyzda hemişe halk bähbitli belent işleri bilen ilimiziň alkyşlaryna mynasyp bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.