Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sport mekdebinde futzal boýunça ýaryş geçirildi.
Ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda çekeleşikli geçen ýaryş Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onuň esasy maksady bolsa, ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmekden, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekden, futzal sporty boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy.
Ýaryşyň netijesinde ökdeler öňe saýlanyp, «Galkan» topary ýeňiji boldy. Bu sport çäresinde ýokary netije görkezen ýaş türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.