SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Änew şäheriniň sport mekdebinde «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik» ady bilen sport bäsleşikleri geçirildi.

Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda sportuň woleýbol, stol üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar çekeleşikligi bilen tapawutlandy. Gyzykly geçen sport bäsleşikleri ýaşlarda sporta höwesiň örän ýokarydygyny görkezdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan sport ýaryşlary zehinleri ýüze çykardy. Netijede, woleýbol ýaryşynda sport mekdebiniň ýaş türgenlerinden düzülen «Ruhubelent» topary, stol üstünde oýnalýan tennisde Ak bugdaý etrabynyň topary üstün çykdy.

Güljemal ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 26 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK