«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Welaýatymyzyň Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem täsirli çäreleriň biri boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda kabul edilen çözgütleriň uly jemgyýetçilik seslenmesini döredendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Täsirli geçen söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşatmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň buhgalteri.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 25 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK