Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşuly nesil — halkymyzyň görelde mekdebi» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda baýramçylyk gutlaglary aýdyldy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gutlag çykyşlarynda ýaş nesillere ata Watanymyzy söýüp, ynsan mertebesini belent tutmagy, edep-terbiýäni wagyz edýän, il halar, päk ahlakly bolmagy ündeýän dili senaly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň durmuş mekdebi bolup durýandygy bilen bagly täsirli gürrüňlere giň orun berildi.
Uly ruhubelentlige beslenen duşuşyga gatnaşanlar ýaşulularyň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan toý sowgatlary gowşuryldy.
Zübeýda GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.