TARYHY WAKA MYNASYBETLI GEÇIRILEN SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy.

«Tegelek stoluň» başyna jemlenen bagtyýar ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň rowaçlyga beslenýändigi, halkara abraýynyň has-da ýokary göterilýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem, söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisindäki çuň manyly çykyşy, öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlary we möhüm ähmiýetli teklipleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.

Ruhubelentlikde geçen söhbetdeşlige gatnaşyjylar dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Wepa ANNABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 25 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK