ÝAŞULULARA BELENT SARPA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Gökdepe etrap Geňeşleriniň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli birnäçe baýramçylyk çäreleri guraldy. Gökdepe etrabynyň il sylagly ýaşulularynyň döwletli ojaklarynda geçen baýramçylyk duşuşyklary ýakymly pursatlara beslendi.

Döwletli ojaklarda bolan duşuşyklarda dili senaly ýaşulularyň gürrüňleri diýseň täsirli boldy. Olar ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününe uly ähmiýetiň berilmegi, her ýylda ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagy, mährem enelerimiziň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, döwletli tutumlarda ýaşuly nesle sala salynmagy, olaryň pikir-garaýyşlarynyň diňlenmegi ýaşuly nesliň göwnüni galkyndyrýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Dili senaly ýaşulularyň häzirki döwrüň gadyr-gymmaty barada aýdanlary, beren gymmatly öwüt-ündewleri ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy. Duşuşygyň dowamynda ýaşuly nesle belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

Çäräniň ahyrynda ýaşululara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Gökdepe etrap Geňeşleri tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Baýramgeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 25 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK