MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝINE GEZELENÇ EDILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine gezelenç edildi.

Çärä gatnaşanlar muzeýiň sergi bölümlerini bezeýän gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleri muzeýiň etnografiýa, oba hojalyk we ekerançylyk bölümlerinde sergilenen gymmatlyklar barada gyzykly gürrüň berdiler. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy künjeklerden, şol sanda gadymy Änewiň taryhy depelerinden, medeni-arheologiýa ýadygärliklerden ýüze çykarylan eksponatlar hakdaky gürrüňler uly täsirlenme döretdi.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratly taryhyny öwrenmekde, geljekki nesillere ýetirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maýsa MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 25 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK