WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň J.Çaryýew adyndaky 23-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bilim — bagtly geljegiň binýady» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň ähmiýeti, Watanymyzda bolup geçýän şanly wakalar, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän tutumly işleriň netijesinde Diýarymyzda kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem ýurdumyzda ýaşlar syýasaty ulgamynda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň nyşanydyr.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar hakda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 46 okalan

WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 19 okalan

GÜÝÇLÜLERI ÖŇE SAÝLAN ÝARYŞ

08 Oktýabr 2025 | 43 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK