PARYZDEPE ÝADYGÄRLIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde medeni gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Ýurdumyzda ýerleşýän medeni ýadygärliklerimiziň çäklerinde yzygiderli gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Şeýle işleriň netijesinde bolsa, gadymy türkmen topragynyň taryhyndan habar berýän birnäçe tapyndylaryň üsti açylýar. Türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyndan habar berýän birnäçe ýadygärlikler ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle gadymy ýadygärlikleriň biri hem Paryzdepe ýadygärligidir. Bu ýadygärlik Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşip, ol Büzmeýin şäherinden 6 km günorta-günbatarda ýerleşýär. Paryzdepe ýadygärliginiň biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda dörändigini hem-de giçki orta asyrlara çenli ösüşini taryhy çeşmelerden bilmek bolýar.

Bar bolan maglumatlara göra, 2016-njy ýylda Paryzdepede ylmy-derňew işleri geçirilip başlandy. Paryzdepe ýadygärliginden we onuň töwereklerinden barlag-gözleg işleriniň netijesinde tapylan külalçylyk önümleri, bu sebitde ekerançylyk işleriniň ösendigine, kämil suwaryş ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu ýadygärligiň çäginde 2-3 metr ýokary galýan dörtburç görnüşindäki 45-50 metr bolan içki galasy, depäniň merkezinde ýerleşýär. Onuň daşynyň galasynyň diwaryna toýun palçyk garylyp, dag daşyndan iri ölçegli çig kerpiçden galdyrylypdyr hem-de diňler bilen berkidilipdir.

Bu ýadygärligiň Parfiýa döwleti, Beýik Seljuk türkmen hökümdarlygynyň döwleti bilen baglanyşygyny subut edýän taryhy we lingwistik maglumatlar bar. Paryzdepe orta asyrlarda hem Nusaýa degişli obalaryň biri bolupdyr. Orta asyr ýazuw çeşmelerinde berilýän maglumatlara görä X asyrda Nusaý sebiti täzeden ýokary göterilýär, bu ýokary göteriliş bolsa, onuň Horasanyň ykdysady we medeni merkezine öwrülmegine alyp barýar. Mundan başga-da Nusaýdan günbatar we demirgazyga girýän söwda kerwenleri Paryzdepäniň üstünden geçipdirler. Bu bolsa Paryzdepäniň Merkezi Aziýanyň has iri şäherleri bilen ösen söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Nurmuhammet DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 74 okalan

PARYZDEPE ÝADYGÄRLIGI

18 Sentýabr 2025 | 522 okalan

KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI