Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala agzalarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy soň jemgyýetde ula sarpa, kiçä hormat goýmak, zenan maşgalalara garaýyş babatdaky esaslary özünde jemleýär. Şulary teswirleýän rowaýatlar köpdür, ynha, şolardan biri.
«Bir adam uzak ýola ugran kerwene goşulyp, Käbä zyýarata gitmekçi bolupdyr. Kerwen ýagşy ýola düşýär, ýolagçylaryň arasynda mesawy gürrüň başlanýar. Şeýdip baryşlaryna, bir obanyň deňine ýetenlerinde, hälki adam:
– Şu obada meniň aýal doganym ýaşaýar – diýip, gürrüň arasynda dillenýär. Muny eşiden kerwenbaşy:
– Seniň hajyň golaýda eken-ä! Telim aýlap, ýol söküp, haja gitjek bolup ýörmän, şol aýal doganyňy idäp baryp, halyndan habar almaly ekeniň. Şeýden bolsaň, Käbe sogabyny ýakyn ýerden gazanardyň! – diýipdir».
Hawa, şeýle garaýyşlardan many alýan maşgalanyň jebisligi has berkeýär. Halkymyz bagtyň nusgasy diýip agzybirlige düşünýär.












