OKUWÇY GYZLAR BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Köneürgenç etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda Köneürgenç etrabynyň Pagta egriji fabriginde «Hany, bakaly gyzlaratly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, ýaşlarymyzyň milli mirasymyza bolan sylag-hormatyny artdyrmak, el işlerimizi ýaş okuwçy gyzlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilip, onuň dowamynda etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlary öz aralarynda el işlerini etmek hem-de unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçip, netijede etrabyň 50-nji we 58-nji orta mekdepleriniň gyzlar topary tapawutlanyp, jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlaryna we Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gözel KUŞMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 11 okalan

OKUWÇY GYZLAR BÄSLEŞDILER

30 Sentýabr 2025 | 98 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 102 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI