WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramagynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny gurmak ugrunda ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler, bagtyýar halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Oguljeren ÇENDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 38 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 55 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 92 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI