Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda Balkan welaýat kitaphanasyna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gezelenç duşuşygy geçirildi.
Balkan welaýat kitaphanasyna ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gelmegi kitaphana hünärmenlerini has-da begendirdi, buýsandyrdy. Talyplar kitaphananyň ähli bölümlerine aýlanyp tanyşdylar we ol ýerde özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Kitaphananyň işgärleri talyp ýaşlara kitap adamzat üçin iň gymmatly hazynalaryň biridir, ol ylmyň, pähimiň, taryhyň, edebiýatyň we döredijiligiň çeşmesidir, kitap diňe bilim berip durman, eýsem terbiýe berýär, adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär diýip gyzykly gürrüňleri berdiler.
Gezelenç duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.