Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap Kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde guramagynda mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasynyň beýikdigini ýaş nesillere düşündirmek maksady bilen etrabyň il ýaşulylary hem-de mährem eneler bilen bilelikde etrabyň Magtymguly Pyragy muzeýinde «Ýaşulularyň göreldesi ýaşlara ýol ýörelge» atly gezelenç duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda muzeýiň hünärmeni «Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz» diýlişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, baky Bitaraplygynyň düýp esaslarynyň ata-babalarymyzyň arzuwyndan binýat bolandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilip geçilmegi bolsa, täze taryhy döwürde ýaşlary watansöýüjilik, ata-baba ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge uly mümkinçilik berýändigini buýsanç bilen belläp geçdi.
Gezelenç duşuşygynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Humaý ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.