ÝAŞLARDA TÄSIR GALDYRAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi bolan ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlaryny açyp görkezmelidigini, ýaşlaryň hemişe kämillige ymtylmalydygyny, kämillik ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegidigini aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem, ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda durmaklygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekleri, boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaklygy, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni berk berjaý etmekleri, ene-ata, Watana, il-halka gaýratly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmekleri barada giňişleýin çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň w.w ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 35 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 54 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 87 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI