AHLAK ARASSALYGY – RUHY TÄMIZLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň, hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni ýola goýmak, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen, umumbilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» atly şygar bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler, ýaşlarymyzyň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek zyýanly endiklerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, köpçülik ýerlerde, mekdeplerde, toýdur baýramçylyklarda tertip-düzgüni berk berjaý etmekligi ündediler, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişini nazarlaýan merdana türkmen ýigitleriniň mertlik, batyrlyk, merdemlik ýaly belent häsiýetlerine eýe bolmaklaryny nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatda alyp barýan asylly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 34 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 53 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 82 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI