ZENANLAR – WATANYMYZYŇ MERTEBE TUGY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi, Gubadag şäher medeniýet merkezinde etrabyň edara-kärhanalarynda bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda «Zenanlar – Watanymyzyň mertebe tugy» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde zenanlar baradaky aladanyň durmuşa ornaşdyrylyşyny, türkmen zenanynyň watansöýüjiligini, lebzi halallygyny, görmegeýligini, mertligini, päkligini hem-de zenanlar barada döredilýän ajaýyp eserler maşgala mukaddesligi, gender deňligi babatdaky üstünlikleri köpçülige ýetirmek, ony giňden wagyz etmek barada giňişleýin aýdyp geçildi.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Sülgünjemal MÄMEDOWA,

Gubadag etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

09 Oktýabr 2025 | 33 okalan

ZENANLAR – WATANYMYZYŇ MERTEBE TUGY

04 Oktýabr 2025 | 111 okalan

SAGDYN ÝÖRELGE — SAGDYN RUH