Dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzyň demirgazyk welaýatynda hem sport çäreleri giňden ýaýbaňlanýar. Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hem-de welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda, welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempionatynyň 2025-nji ýyldaky tapgyry geçirildi.
Her ýyl ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen hem-de ykdysady pudagyň ýaşlarynyň uly höwes bilen gatnaşýan bäsleşigi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynyň ýapyk meýdançasynda geçirildi. Oýunlar biri-birinden gyzykly we gyzgalaňly ýagdaýda geçdi.
Netije-de, Daşoguz welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň ýygyndy topary 1-nji orna hem-de welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça «Daşoguz welaýatynyň çempiony» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň hem-de Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň ýygyndy toparlary degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler. Toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Oýunlaryň çekeleşikli geçmegi ykdysady pudakda zähmet çekýän ýaşlaryň diňe bir öz ugry boýunça ökde hünärmenler bolman, eýsem sportda hem ezber türgenlerdigini ýüze çykardy. Ýaryşa gatnaşanlar, ýaşlaryň zähmet çekmegi hem-de bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.