Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň gurnamagynda Saýat etrap hassahanasynda raýatlaryň, ýaş lukmanlaryň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025 – 2026-njy okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda bolup biläýjek kanun bozulmalarynyň öňüni almak, öz janyňa kast etmezlik ýaly hereketleriň, tebigaty goramak, tertip-düzgüni berjaý etmek hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan gelip çykan ajaýyp kitaplaryny geljegimiz bolan ýaş nesillerimize düşündirmek we olaryň hakyky watançy ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen «Ýaşlar – Watanyň kuwwatly güýji» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda adamlar üçin, ylaýta-da ýaşlar üçin, olaryň sagdyn ösmegi, aňly-düşünjeli, geljekde Watanymyza, halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda çykyşlar diňlenildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Şemşat HOŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.