Ýakynda Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Watan biziň buýsanjymyzdyr, başymyzyň täjidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty netijesinde Türkmenistanyň syýasy we diplomatik ulgamlarynda möhüm üstünlikleriň gazanylýandygyny, ykdysadyýetde döwrebaplaşdyrma işlerine uly üns berlip, giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaşlarymyzyň mynasyp bilim-terbiýe almagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gunça SÖÝÜNOWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.