ÖZGERIŞLI AK ÝOLLARDA EZIZ WATAN – SAGLYK MEKANY

Şu gün «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda täze gurlan Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Bu açylan saglyk öýi jemi 40 müň ilata hyzmat etmek üçin niýetlenen, iki çalşykda işläp, her çalşykda 600 adama, 1 günde 1200 adama hyzmat eder.

Saglyk öýi gaýragoýulmasyz ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin tiz kömek bölümi, bejeriş bedenterbiýe bölümi, anyklaýyş we maslahat beriş bölümi – şöhle anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş bölümleri, gündizki ýatymlaýyn bejergi bölümi, göwrelilere gündizki ýatymlaýyn bölümi, fiziobejeriş bölümi, maşgala lukmanlar bölümi, dezinfeksiýa we sterilizasiýa bölümlerinden ybaratdyr.

Saglyk öýünde Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýeniň, Polşanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýa döwletiniň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edilen.

Ähli amatlyklary bolan ajaýyp täze saglyk öýüni gurduryp beren, il-gün üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Öňki makala

BRIFING GEÇIRILDI

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 7 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

08 Oktýabr 2025 | 88 okalan

GUŞA GANAT GEREK, YNSANA – YLHAM