“OLIMP” ORTA SPORT MEKDEBINIŇ AÇYK BIRINJILIGI GEÇIRILDI

Ýakynda “Olimp” orta sport mekdebiniň Dzýu-do merkezinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini guramak we utgaşdyryş guramasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, “Olimp” orta sport mekdebiniň bilelikde ylalaşan Düzgünnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sportuň dzýu-do göreş görnüşi boýunça 2009-2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda “Olimp” orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

Ýaş türgenleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, sporta bolan höwesini artdyrmak, başarnyklaryny kämilleşdirmek, beden we ruhy taýdan sagdynlyklaryny gazanmak, türgenleriň sport derejelerini we sportda gazanýan üstünliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen şeýle ýaryşlar ýurdumyzyň dürli künjeginde yzygiderli geçirilýär.

Gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlara we ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport mekdebiniň açyk birinjiligine gatnaşan türgenler we tälimçiler ýaşlara döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rüstem HOJANEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.