BRIFING GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Watanymyzyň ähli künjeklerinde medeni-köpçülikleýin çäreler ýokary derejede geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň gurnamagynda öňde barjy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Arkadag şäher tiz kömek merkeziniň foýesinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli brifing geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda uludan tutulýan saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygy eziz Watanymyzda uludan toýlanmagy, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda öňdäki orunlaryň biridigini we şol ugurda amala aşyrylýan beýik özgertmeler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, il-gün üçin uly başlangyçlara badalga berýän we ençeme beýik işleri durmuşa geçirýän, durmuşyň gymmatlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri döredýän lukman Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýna GELDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk

etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 8 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

08 Oktýabr 2025 | 88 okalan

GUŞA GANAT GEREK, YNSANA – YLHAM