BILIMLI, TERBIÝELI NESILLER – BAGTYÝAR GELJEGI GURUJYLAR

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda wagyz-nesihat işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň biri-de Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginde geçirildi.

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu çärä Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri, mugallymlardyr zähmetkeş işgärleri gatnaşdylar.

Watana, il-güne bolan beýik söýgi, maşgala terbiýesi, nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, millilik babatyndaky çykyşlar wagyz-nesihat çäresiniň özenini düzdi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar