Düýn Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde hereket edýän orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.
Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň sport meýdançasynda geçirilen bu ýaryşy Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirligi, Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilelikde guradylar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylaryny sportuň futbol görnüşine bolan höwesini artdyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem ýaş nesliň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen yglan edilen bu ýaryş uly ruhubelentlikde geçdi.
Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.