Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ösüp gelýän nesli sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda sport mekdepleriniň, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, şeýle-de beýleki desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimizde bu ulgamda alnyp barylýan giň gerimli işleriň oňyn netije berýänliginiň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda gurlan döwrebap stadionlarda we sport toplumlarynda dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň netijeli türgenleşip, uly üstünliklere ýetmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Türkmen türgenleriniň diňe bir milli sport ýaryşlarynda däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda, çempionatlarda üstünlikli çykyş etmegi türkmen sport ulgamynyň gülläp ösýändiginiň güwäsidir.
Ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ruhda terbiýelenmegi, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gunça SÖÝÜNOWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.