HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYGYŇ AÝDYŇ BEÝANY

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda institutyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň 80-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşyny we ýurdumyzyň öňe süren tekliplerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy Gülşat Çetiliýewa we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Abdylwaht Abdyrahmanow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatynda aýratyn ähmiýete eýe bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berip, ynsanperwer ýörelgelerden ugur alýan ýurdumyzyň üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Kakajan TÄÇGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

20 Oktýabr 2025 | 11 okalan

HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYGYŇ AÝDYŇ BEÝANY

17 Oktýabr 2025 | 68 okalan

KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

17 Oktýabr 2025 | 65 okalan

MEKDEP MUZEÝINE GEZELENÇ GURALDY