Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, şeýle hem halkara geologik ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Maksatnamanyň maksady ýerli ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, geologik mirasyny peýdalanýan we ilerledýän ählumumy çäk ulgamyny döretmekden ybaratdyr.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli geologik seýilgähleriň döredilmegi milli tebigy mirasy gorap saklamak we ekosyýahatçylygy ösdürmek işinde möhüm ädim bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizip biljek geoseýilgähi döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol nukdaýnazardan, Türkmenistanyň özboluşly geologik obýektler nygtaldy. Garabogaz aýlagynyň günorta-gündogar kenaryndaky kanýonlar we läbik wulkanlar aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar hakykatdan-da halkara ähmiýetli geologik miras derejesine eýedir.
turkmenistan.gov.tm