TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI – MILLI GYMMATLYGYMYZ

Türkmen alabaýynyň baýramy oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Alabaý itleri ata-babalarymyz tarapyndan gadymdan bäri ösdürilip ýetişdirilip gelinýän milli gymmatlyk bolup durýar. Olar iň gadymy hem saýlama it tohumlarynyň biri bolmak bilen, bütin dünýäde meşhurlyk gazanýarlar. Alabaý itlerimiz özleriniň batyrlygy, edermenligi we eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda türkmen alabaýlaryny goramak, köpeltmek we tohumyny gowulandyrmak maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Alabaý itiniň tohumynyň taryhyny we onuň aýratynlygyny ylmy taýdan öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär.

Türkmen alabaýlary gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de nepis halylarymyz bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda orun alýar. Döwletimizde alabaýlary ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler geçirilýär.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň şäherdir obalarynda medeni çäreler, baýramçylyk konsertleri, sergiler, ökde itşynaslary sylaglamak dabaralary geçirilýär. Bu baýram türkmen alabaýlaryny dünýä ýüzünde giňden tanatmak we olary kemala getirmek däbini ösdürmegiň ähmiýetini görkezýär.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar