TÜRKMEN WEKILIÝETI «LU BANYŇ USSAHANASY» ATLY OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY

Türkmen wekiliýeti 10 – 16-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin «Lu Banyň ussahanasy» atly okuw maslahatyna gatnaşdy.

Okuw maslahaty Türkmenistandan, Gazagystandan, Ermenistandan, Belarusdan we Täjigistandan bolan gatnaşyjylary bir ýere jemledi.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde binýadynda «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek boýunça taslamany üstünlikli durmuşa geçirýän Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4 mugallymy boldy.

Hepdelik çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar gymmatly pikir we tejribe alyşmaga, hyzmatdaş ýurtlarda «Lu Banyň ussahanasy» atly halkara bilim taslamasyny üstünlikli amala aşyrmak we öňe ilerletmek babatda täze pikirlerini we başlangyçlaryny paýlaşmaga mümkinçilik aldylar.

Taslama gatnaşyjylar bilimlerini we başarnyklaryny ep-esli giňeltdiler we baýlaşdyrdylar, okuw maslahatynyň maksatnamasynyň möhüm bölegine hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň bilim edaralarynda «Lu Banyň ussahanalarynyň» wekilleri üçin gymmatly ugur görkezijä öwrülen okuwlaryň we ussatlyk-sapaklarynyň barşynda hünärlerine degişli işlerini kämilleşdirdiler.

Hytaýyň hünär bilimi nusgasynyň esasynda döredilen hem-de 2016-njy ýylda köpçülikleýin ýaýran «Lu Banyň ussahanasy» atly ählumumy bilim taslamasy hünär bilimi ulgamynda örän üstünlikli başlangyçlaryň biri boldy. Taslama halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen «Guşak we ýol» diýen ählumumy başlangyjyň bir bölegi bolup durýar.

Häzirki günde taslama Aziýanyň, Afrikanyň we Ýewropanyň 30 ýurduny gurşap alýar, şol ýurtlaryň bilim edaralarynda «Lu Banyň ussahanasynyň» 34-si döredildi. Hünär taýýarlygyna degişli bu merkezler Türkmenistanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Russiýada, Tailandda, Efiopiýada we beýleki ýurtlarda işe girizildi.

«Lu Banyň ussahanalarynda» talyplar robot tehnikasy we önümçiligiň awtomatizasiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeler, telelukmançylyk, awiakosmos tehnologiýalar, akylly tehnologiýalar, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça bilim alýarlar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Banyň ussahanasynyň» döredilmegi bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşinde gazanylan möhüm üstünlikleriň biri boldy. Bu taslamanyň başy iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde başlandy we ýokary derejede goldawa eýe boldy.

2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanda «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (HNGU) bilen Sian nebit uniwersitetiniň (SNU), Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň (HNHTU), Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC), Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça Hytaý assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda bäştaraplaýyn Ähtnama gol çekildi.

Ähtnamanyň çäklerinde «Lu Banyň ussahanasynda» bakalawrlary okatmagy guramak, tejribe alyşmak, okuw işinde innowasion tehnologiýalary we usulyýetleri ulanmak, HNGU-nyň, SNU-nyň we HNHTU-nyň okuw meýilnamasyny we ýöriteleşdirilen maksatnamalaryny kämilleşdirmek, ylmy barlaglary geçirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak hem-de HNGU-nyň, SNU-nyň we HNHTU-nyň maglumat binýatlaryny hem-de işgär mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly mugallymlaryň hünär ussatlyk derejelerini ýokarlandyrmak ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutuldy.

Häzirki wagtda taslamanyň çäklerinde taraplar amaly geologiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem iki dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki okuw maslahatlaryny guramaga ünsi jemleýärler.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar