Gündogarda arap dili iň gadymy dilleriň biri hasaplanýar. Arap dili semit diller maşgalasyna degişli bolup, ol Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryny, Arap ýarymadasyny we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň aglabasyny öz içine alýar. Arap dili häzirki wagtda dünýä döwletleriniň 22-den gowragynyň döwlet dilidir. Ol ýurtlaryň hatarynda Yrak, Siriýa, Liwan, Iordaniýa, Liwiýa, Saud Arabystany, Ýemen, Oman, Müsür, Bahreýn, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Sudan, Tunis, Alžir, Marokko ýaly döwletler bardyr. Bu ýurtlaryň hersiniň özbaşdak şiweleri bar. Bu şiweler bolsa fonetiki, leksiki, grammatiki taýdan biribirinden tapawutlanýarlar. Ýöne edebi arap dili bu döwletlerde umumy edebi dil hökmünde ulanylýar. Edebi arap dili ylymda, edebiýatda, radio-telewideniýede, mekdeplerde, uniwersitetlerde giňden ulanylýar.
Türkmen halkynyň iň gadymy döwürlerden bäri gatnaşyk saklaýan halklarynyň biri hem arap halkydyr. Türkmen-arap gatnaşyklary öz gözbaşyny VII asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. Aýratyn hem, şol döwürlerden türkmen-arap edebi we ylmy gatnaşyklary öz ösüş ýoluna düşdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenler yslamyň ýaýramagyna uly goşant goşdular, türkmen alymlarynyň — teologlarynyň dünýä ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan köp sanly traktatlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär» diýen sözlerini belläp geçmek gerek. Birleşen Arap Emirliklerinden bolan arap alymy Azzeddin bin Zagiba bu barada söz açyp şeýle ýazýar: «Geçmişde öz eserlerini şol döwürlerde ylmyň dili saýylýan arap dilinde ýazan belli türkmen alymlary, edebiýatçylary, taryhçylary, şahyrlary, tebipdir lukmanlary we beýleki ugurlardan ylymdar adamlary barmak büküp sanardan juda köp. Taryh şeýle şahsyýetleri türkmen halkynyň beýikliginiň subutnamasy hökmünde unutman gelýär. Türkmen alymlarynyň, edebiýatçylarynyň, şahyrlarynyň, tebipdir lukmanlarynyň arap dilinde ýazan eserleriniň gadymy golýazma nusgalarynyň uly bir hazynasy TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda hem saklanýar.
VIII asyrda türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň köpüsi öz eserlerini arap dilinde ýazyp başlaýarlar. Bu döwürde, aýratynam, asly Merwden bolan Abdylla Mübärek al-Merweziniň arap dilinde döreden goşgulary uly meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenleriň arasyndan çykan Muhammet ibn Musa Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Abu Nasyr Faraby ýaly alymlar dünýä meşhur eserlerini arap dilinde ýazýarlar. Türkologiýa dil biliminde görnükli yz goýan Mahmyt Kaşgarly hem öz «Diwany lugat at-türk» («Türki dilleriň diwany») eserini arap dilinde ýazypdyr. Orta asyrlarda onlarça türkmençe-arapça sözlükler döredilýär. Şol sözlükleriň arasynda Mahmyt Zamahşarynyň «Mukaddimetul edep fil-luga» atly sözlügi hem bar. Orta asyr türkmen şahyrlarynyň hem köpüsi öz eserleriniň belli bir bölegini arap dilinde-de döredýärler. Meselem, XVI asyr türkmen şahyry Baýram hanyň hem, onuň ogly Abdyrahym Han-hananyň eserleriniň hem käbiri arap dilinde ýazylypdyr. Mahmyt Zamahşarynyň arap dilini araplaryň özünden hem gowy bilendigi hakynda rowaýatlar saklanyp galypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem daşary ýurt dilleri giňişleýin öwrenilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizde dünýä dilleriniň 10-dan gowragy öwrenilip, şol dillere bagyşlanan dürli çäreler — festiwallar, hepdelikler, gurnaklar geçirilýär. Şeýle gurnaklaryň biri hem Roman-german we gündogar dilleri fakultetinde hereket edýän «Ýaş dilçi» atly gurnakdyr. Gurnagyň çäginde fakultetiň mugallymlarynyň we arap dili hünärinden bilim alýan talyplaryň gatnaşmaklarynda arap dili boýunça ýörite hepdelik geçirilýär. Hepdeligiň tutuş dowamynda arap dilinde goşgular okalýar, aýdymlar ýerine ýetirilýär, türkmen halk ertekileri boýunça gysgajyk sahnalar goýulýar. Ýeri gelende bellesek, sahnalarda goýulan türkmen halk ertekilerini fakultetiň mugallymlary we talyplary arap diline terjime etdiler. Hepdeligiň dowamynda ýörite arap durmuşyna degişli sergi guralyp, onda dürli arap lybaslarynyň görkezilmegi, meşhur arap ýazyjylarynyň we arap aşhanasyndan dürli naz-nygmatlaryň sergilenmegi oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrýar. Bu ýerde arap dilindäki kitaplar, žurnallar, gazetler goýlup, şol kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň arap diline terjime edilen neşirleri aýratyn görnükli orny eýeleýär. Däp bolşy ýaly, her ýylda arap dili boýunça geçirilýän bu hepdelik talyplaryň arap dilini, medeniýetini we arap dünýäsini öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Dünýä dillerini öwrenmeklige giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýna GARAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Gündogar dilleri kafedrasynyň arap dili we edebiýaty hünäriniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
16.05.2020ý.