Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatdaky özgertmeleriň umumadamzadyň parahatçylygyny üpjün etmäge we durnukly ösüşe gönükdirilmegi dünýä möçberinde uly goldaw tapýar. Ýurdumyzyň döwlet hem-de ykdysady durmuşynyň ähli ugurlarynda degişli kanunlar we kanunçylyk namalary hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň Konstitusiýasy döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr. Has giňişleýin aýdylanda, Konstitusiýa — bu döwletiň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň, işiniň üýtgedilmeginiň we bes edilmeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala salşyklary ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny we häkimiýet şahalarynyň edaralarynyň hem-de wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň esasy kanunydyr. Konstitusiýa döwletiň tutuş hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Umumy ykrar edilen demokratik düzgünler, döwletiň ähli raýatlara adalatly garaýyşlarynyň esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulandyr. Esasy Kanun her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýär, onuň hemme bölümleri we maddalary ýurdumyzda parahatçylygy we milli agzybirligi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet nyşanlary — bu Konstitusiýa ýa-da ýörite kanunlar bilen kabul edilýän, döwletiň milli özygtyýarlylygyny, özboluşlylygyny alamatlandyrýan, kähalatda bolsa ideologiki manysy bolan nyşanlardyr. Şolaryň hatarynda Döwlet baýdagymyz Ýer ýüzünde ýurdumyzyň at-owazasyny belende göterýän esasy döwlet nyşanymyzdyr. Ýaşyl Baýdagymyz asuda asmanymyzda erkana parlaýar.
Döwlet baýdagymyz döwlet häkimiýetiniň resmi nyşany bolup, ol ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýar. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýurduň agzybirliginiň, Garaşsyzlygynyň we döwletiň hemişelik Bitaraplygynyň nyşanydyr. Ýaşyl Tugumyzda ýerleşdirilen haly gölleri türkmen halkynyň dostlugyny we jebisligini alamatlandyrýar. Olaryň aşagynda bir-birini kesip geçýän we ýokaryk gönükdirilen iki sany zeýtun baldagy şekillendirilendir. Olar ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerini alamatlandyrýarlar. Baýdagymyzyň ýokarky çep burçunda ýarymaý we bäş sany ýyldyz şekillendirilendir. Olar bolsa milletimiziň däp-dessurlarynyň hem-de bäş welaýatymyzyň mizemezliginiň nyşanlarydyr.
Biziň Döwlet baýdagymyz halkymyz üçin iň ýokary mukaddeslikdir. Ata-babalarymyz geçmiş taryhymyzda-da baýdaga ähli zatdan ýokary derejede garapdyrlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşyl Baýdagymyz has belentde buýsançly parlaýar. Bu günki gün ol özgerýän, ösýän Diýarymyzda gazanylýan her bir üstünligi, ýetilýän belent sepgidi jahana ýaýýar.
Esasy Kanunda berkidilen hukuk kadalaryna esaslanyp, gün-günden ösýän Türkmenistan döwleti bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek işiniň jarçysy bolup, döwletde diňe halkyň, il-günüň aladasynyň bähbitlerinden ugur almak bilen çäklenmän, eýsem, özgerişlikleri ynsanperwerlik ýoly bilen alyp barýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatynyň netijesidir.
Ýolaman MÄMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
19.05.2020ý.