Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip,raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň: «Aşgabat şäherini gurmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda düýbünden täze keşbe eýe bolýan paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna barha giňelýär» diýip bellemegi ýerine ýetirilýän işlerde aýdyň beýanyny tapýar. Her ýyl bolşy ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly owadan desgalar bilen ýetirilýär. Bina edilýän täze ymaratlaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagy, gurluşyklaryň öz wagtynda tamamlanmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde köp sanly ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň nurana desgalarynyň ençemesi bu kitabyň sahypalarynda mynasyp orun aldy. Baş baýdak sütüni, «Älem» medeni dynç alyş merkezi, Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy, Olimpiýa şäherçesiniň birnäçe desgalary, Aşgabat Halkara howa menzili, Bagt köşgi ýurdumyzyň at-owazasyny dünýä ýaýdy. Bu desgalaryň binagärlik keşbi, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy aýratyn täsir galdyrýar.
Mälim bolşy ýaly, ak şäherimizi ösdürmek we abadanlaşdyrmak, gülläp ösýän şähere öwürmek bilen, hil taýdan täze derejä çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýan hukuknamalaryň kabul edilmegi ony doly tassyklaýar. Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasynda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýip kesgitlenýär. Şeýle hem 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän ýörite kanunyň kabul edilmegi onuň binagärlik taýdan ösüşi bilen birlikde, Aşgabadyň parahatçylygy söýüjiligiň we durnukly ösüşiň halkara merkezi hökmünde ykrar edilýändigi, şeýle hem halkymyzyň yhlasly we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklyda, paýtagt Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýar. Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu babatda maksatnama döwründe ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalaryny, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň hem-de beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň guruljakdygy döwletiň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky aladanyň durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bolmagyny hasaba almak bilen, şäheri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazary, döwlete dahylsyz bölegiň kiçi we orta möçberli kärhanalary, durmuş ulgamyny we ýaşaýyş derejesini görkezmek bolýar.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň ençeme tapgyrlarynda gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, sport we söwda merkezleri halkymyzyň hyzmatynda. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Aşgabadyň demirgazyk künjeginde bina ediljek «Aşgabat-siti» ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryny özünde jemlemek bilen, diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýäniň bu babatdaky nusgalyk şäherine öwrüler. Bu döwletli desgalaryň binagärlik keşbi, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy aýratyn täsir galdyrar. Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzyň paýtagty bu gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan «Mermer şäher», «Aziýanyň merjeni», «Sebitde ylalaşdyryjy merkez» ýaly abraýly derejelere eýe boldy. Bu hem hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň aýdyň netijesidir.
Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
23.05.2020ý.