MEKDEP DUR­MU­ŞYN­DAN DUR­MUŞ MEK­DE­BI­NE

Düýn Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň köp sanly uçurymlary, mugallymlary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiadalaryň we ders bäsleşikleriniň ýeňijilerine milli Liderimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Şeýle dabaralar welaýat merkezlerinde hem ýaýbaňlandyryldy. Biz hem durmuş ýoluna ilkinji gadamlaryny goýmaga taýýarlanýan uçurymlaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň joşgunly kalplaryndan çykýan buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Akmuhammet AKMYRADOW,

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň uçurymy:

— Ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Ynha, bu gün türkmen halky paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününi we «Soňky jaň» dabarasyny şatlyk-şowhun bilen belleýär. Şu şatlykly günde biz hem öz synpdaşlarymyz we beýleki orta mekdepleriň uçurymlary bolup, ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül desselerini goýmaga geldik. Şeýle ajaýyp dabara gatnaşmak kalbyňda şatlyk duýgularyny oýarýar. Elbetde, bu gün biz — uçurymlar üçin gaýtalanmajak gün bolup, mekdep bilen hoşlaşýarys. Munuň üçin tolgunýarys şeýle-de täze durmuş ýoluna ädim ätjek günümiz bolandygy üçin bolsa diýseň begenýäris.

Şu ýerde esasy bellemeli zatlaryň biri, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän synp otaglarynda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary, interaktiw-multimedia enjamlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň alýan bilimlerimizi has çuňňur öwrenmäge ýardam edýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Diana KARDAÝEWA,

Döwletliler köşgüniň uçurymy:

— Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine-de, ajaýyp baýramçylyk — Aşgabat şäheriniň güni hem ýetip geldi. Şäherimiz «toý lybasyny geýdi». Biz hem mekdep uçurymlary bolup dabaraly baýramçylyk çäresine gatnaşmaga, Baş döwlet baýdagyna gül desselerini goýmaga geldik.

Şeýle hem bu gün «Soňky jaň» dabarasy tutuş ýurdumyz boýunça dabaralanýar. Elbetde, ýyllarboýy bir synp otagynda bilim alan synpdaşlarymyz, bize bilim beren mugallymlarymyz bilen hoşlaşýandygymyz üçin gynansak-da, täze durmuşa başlajakdygymyz bizi diýseň tolgundyrýar, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga höweslendirýär. Geljekde abraýly hünärleriň eýeleri bolup, Watanymyza hyzmat ederis. Biziň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolup ýetişmegimiz üçin atalyk aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Hojamuhammet ATDAÝEW,

Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiň uçurymy:

— Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, eziz Diýarymyzda bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ähli amatlyklary döredilen orta mekdeplerde berilýän bilimiň hili hem muňa aýdyň mysaldyr. Bu gün biz hem orta mekdebi tamamlap, uçurym diýen ada eýe bolduk. Bu bolsa ýüregimizde şatlyk duýgusyny döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ösüşlerine mundan beýläk hem goşant goşjak ýaş nesilleriň kämil ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz bagtyýar ýaşaýşyň ýurduna öwrüldi. Biz — ýaşlara öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň ýollar açyldy. Biz hem öz gezegimizde hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalaryna jogap edip, Watanymyzyň halkara abraýynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Taýýarlan Dawut ASGAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby,

“Nesil” gazeti,

26.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU