Türkmen halky ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi gadym döwürlerden bäri mizemez durmuş ýörelgeleriniň birine öwrüpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bu nusgalyk durmuş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Ylymly, bilimli, sagdyn ruhly we berk bedenli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek Gahryman Arkadagymyzyň tutuş dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaş nesillerimiziň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri hem-de olaryň yzygiderli kämilleşmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermekleri üçin döredilen mümkinçilikler munuň buýsandyryjy tassyknamalarydyr. Netijede, ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaş nesilleri hil taýdan halkara ülňülerine laýyk gelýän dürli sport desgalarynyň, stadionlaryň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Päk göwünli, arassa bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr. Sport siziň beden we ruhy gözelligiňiziň sazlaşmagy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin örän möhümdir» diýip belleýär. Biziň her birimiz Gahryman Arkadagymyzyň bu öwüt-ündewlerine berk eýermek bilen, sporta uly üns bermelidiris, ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmelidiris.
Bilşimiz ýaly, çilimkeşlik hem ynsan ömrüne uly howp salýan ýaramaz endikleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny hemmetaraplaýyn goramak babatdaky aladalarynyň netijesinde, ýurdumyzda çilimkeşlige garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Lukmançylyk ylmynyň maglumatlaryna salgylanyp aýdanyňda, çilim çekmeýänlere garanyňda, çilim çekýän adamlarda ýürek-damar, nerw, görüş, eşidiş, dem alyş, aşgazan-içege ulgamlarynyň keselleri, howply täze döremeler köp duş gelýär. Hasaplamalara görä, öýkeniň täze howply döremelerine duçar bolýan näsaglaryň 80 göterimi çilimkeşlerdir. Şonuň üçinem biz bu babatda durmuşymyzyň gülleri bolan çagalara dogry görelde bolup, çilimiň saglygymyza ýetirýän düzedip bolmajak zyýanyny düşündirmelidiris.
Bu asylly işleriň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalary durandyr. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
30.05.2020ý.