BÜTIN DÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI:
Ertir, 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda dünýä bileleşigi bu baýramy indi üçünji gezek belleýär, özem Türkmenistanyň, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça! Bütindünýä welosiped güni hakynda gürrüň gozgalanda, döwürdeş žurnalistimiziň: «Sagdynlyga söýgi islendik adamda bolanda hem gowy, guwançly ýagdaý, ýöne ol ýurt Baştutanynyň kalbynda bolanda, has başgaça bolýan eken. Tutuş halk sagdyn jemgyýete, tutuş ýurt sagdynlyk ýurduna öwrülip bilýän eken» diýen buýsançly jümleleri serime gelýär. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolup, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmakda hemmelere görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bu günki gün ildeşlerimiz, aýratyn-da, ýaşlar köpçülikleýin welosipedli ýörişlere yzygiderli gatnaşýarlar, ýurdumyzda welosportuň milli mekdebiniň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Milli Liderimiz: «Bütindünýä welosiped güni — parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýram. Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýmek bilen, dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň müňlerçesini jemleýän welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly asylly ýörelgäniň başyny başlady. Ýolbaşçy ýol başlaýar, kämil ýolbaşçy bolsa nusgalyk görelde görkezýär. Bu günki gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen dünýä senenamasyna girizilen Bütindünýä welosiped gününde millionlarça ynsanlar ulagyň ekologiýa taýdan amatly bu görnüşini özlerine dost tutunmak arkaly, welosipediň köpçülikleýin ulanylmagyna çagyryş bilen çykyş edýärler. «Žurnalistiň gürrüňi faktlara baý bolmaly» diýen ýörelgä eýerip, aýdanlarymyzy delillendirmäge synanyşalyň! Geçen ýyl paýtagtymyzda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp guralan çärelere gatnaşmaga gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy Dawid Lappartýen bilen «Türkmenistan» gazeti üçin söhbetdeşlik taýýarlapdym. Şonda ol bu senäniň esaslandyrylmagyna ujypsyzja wagt geçen-de bolsa, welosipediň muşdaklarynyň, welosport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň görnetin artandygyny anyk mysallar arkaly delillendirip: «Türkmenistan 2018-nji ýylyň aprel aýynda bu senäni dünýä derejesinde bellemek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegini gazandy. Dünýä döwletleri bolsa bu başlangyjy dessine ykrar etdiler. Ine, dünýäde özüňi ykrar etdirmek! Ine, Ýer ýüzüni parahat ýaşaýşa we dostluga çagyryş!» diýip jogap berdi.
Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysynyň sözleri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Türkmenistanda welosiped we welosport babatda edilýän işler, hakykatdan-da, ençeme gezek dünýä derejesinde ykrar edildi. Sanaýmaly ýyllaryň içinde ýurdumyzda welosiped sportuna höwesekleriň sany müňlerçä ýetdi. Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welotrek sporty hem goşuldy. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde 6 müň orunlyk Welotrek sport binasy guruldy. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi, dünýäniň 56 döwleti oňa awtordaş bolup çykyş etdi. 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirildi, 3 müň 246 adamyň gatnaşmagyndaky bu sapagy Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba aldylar. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda bolsa Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 3 müň 300 metr aralyga iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, bu waka «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, Aşgabatda «Welosiped» binasy guruldy. Bu binanyň çeper kompozisiýasy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy — Türkmenistanyň bedew batly ösüşini özünde jemleýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni hem-de sporty, aýratyn-da, welosiped sportuny ösdürmek we wagyz etmek babatda dünýä döwletlerine görelde bolýandygynyň anyk-aýdyň delilidir.
Daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini üpjün edip bolmajakdygyny yzygiderli nygtaýan milli Liderimiziň welosiped sportuny köpçülikleýin görnüşde ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlary bilen doly laýyk gelýändigini aýtmak gerek. Çünki welosiped indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ulagyň iň bir elýeterli, ygtybarly, amatly hem-de ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri bolmak bilen, adamyň saglygyny berkitmekde we onuň işe ukyplylygyny artdyrmakda möhüm serişde hökmünde hyzmat edýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, welosiped sürýänler üçin howpsuz gurşawyň döredilmegi jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň berkidilmegine ýardam berýär. Yzygiderli welosiped sporty bilen meşgullanýanlarda ýürek-damar, ýokary gan basyş bilen bagly döreýän keselleriň, düwnük keseliniň käbir görnüşleriniň, süýjüli diabetiň döremek howpunyň az duş gelýändigini lukmançylyk barlaglary subut etdi. Şeýle hem welosiped ekologiýa taýdan arassa ulagyň nyşany bolmak bilen, daşky gurşaw we klimat üçin zyýansyzdyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, welosipediň köpçülikleýin ulanylmagy «ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar. Welosipedli gezelençler ruhuňy has-da artdyryp, ajaýyp tebigatyň gurşawyna aralaşmaga, daşky dünýäni öwrenmäge, ene topragyň gözel künjeklerini has oňat bilmäge ýardam edýär. Çünki welosiped islendik ýere hereket etmegiň we gezelençleri guramagyň hem amatly serişdesidir. Şoňa görä-de, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynda dünýäniň ähli ýurtlaryna ösüş strategiýasynda welosiped sportuna aýratyn üns bermek, ony milli, sebitara we halkara maksatnamalara goşmak baradaky çagyryş öz beýanyny tapýar.
Milli senenamamyzda hem-de halkara derejeli baýramlaryň resmi sanawynda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped güni eziz Watanymyzyň — Türkmenistanyň sagdynlygyň, sportuň we ekologiýa abadançylygynyň dabaralandyrylýan ýurdy hökmündäki abraýyny has-da berkitmekde, welosiped sportuna höwesli täze nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. «Welosiped sürýän islendik adam meniň dostumdyr» diýýär, welosport muşdaklarynyň biri. Şonuň üçin-de, bu günki gün ýurdumyzda ynsanyň «iki tigirli dostunyň» ähmiýeti hem-de meşhurlygy barha we barha artýar. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa aýratyn guwançly ýagdaýdyr.
Aýgül RAHYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
02.06.2020ý.