Ýakynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 25-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň, Balkanabat şäher prokuraturasynyň, Balkanabat şäher Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen, mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
.jpg)
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň her bir tutumly işleriniň türkmen halkynyň geljegi bolan ýaşlar baradaky aladalara ýugrulandygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaşlaryň ýaramaz nogsanlyklara baş goşmazlyklaryny gazanmakda, olary ahlak taýdan arassa ähli taraplaýyn kämil nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýygnaga gatnaşýan mekdep okuwçylaryna okuwlarynda üstünlik arzuw edip, mundan beýläk-de saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup, watanymyzyň ösüşine özleriniň goşantlaryny goşup, yhlasly zähmet çekmäge çagyrdylar.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.












