«Ýat» köpmanyly adalga bolup, umumy ýagdaýda ol ýatda saklamagy, ýygnamagy we saklaýan maglumatlary beýan etmegi, şeýle hem berlen mümkinçilikleri üpjün etmegi aňladýar. Biz size ýady türgenleşdirýän, ýagny «mnemotehnikanyň usullary» diýlip atlandyrylýan birnäçe gyzykly we täsirli gönükmeleri hödürleýäris. «Mnemotehnika» diýmek näme? «Mnemotehnika» grek sözünden gelip çykyp, «mnema» — ýat + «techne» — sungat «ýady kämilleşdirýän sungat» diýmekligi aňladýar.
Islendik adam bellenen mukdardaky maglumatlary ýatdan bilmeli bolýar. Mnemotehnika gerek bolan maglumatlary ýatda saklamaga ýardam edýär. Munuň islendik adam üçin zerurlygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.
«ÝADYŇ ÖÝI» GÖNÜKMESI
Häzir kelläňize gelen şahyrlaryň ýa-da ýazyjylaryň adyny, familiýasyny ýatdan aýtmaga synanyşyň. Eger siz hiç hili kynçylyksyz 12 —15 awtoryň ady, familiýasyny aýdyp bilseňiz, onda bu ýagdaý oňat bahalanýar. Şahyrlaryň ýany bilen islendik gurşawdaky zatlary aýtmak hem bolýar (meselem: adamlaryň, öý ösümlikleriniň atlary, matematika degişli dürli düşünjeler, şekillendiriş sungaty we şuňa meňzeşler).
«MESELÄ GÖNÜKMEKLIK» GÖNÜKMESI
Bu ýönekeý gönükme bolup, meselä gönükmeklik endigiňizi ösdürmäge ýardam edýär, ýagny sözleri tersine aýtmak: surat — tarus, kitap — patik, üzüm — müzü.
Kagyza seretmän, sözleri tersligine okamaly däl-de, tersligine dilden aýtmaly. Islendik bir sözi alyp, ýokardaky ýaly görnüşde çalt-çalt aýtmaly. Ilki bilen, bir bogunly sözleri aýtsaňyz, meselem: gül — lüg, dil — lid, aý — ýa we şuňa meňzeşler. Soňra iki bogunly sözlere geçmeli: älem — melä, meýdan — nadýem we şuňa meňzeşler.
«IŞDE ÝADY TÜRGENLEŞDIRMEK» GÖNÜKMELERI
1. Iş gününiň başynda özüňizden soraň: «Men bu gün ilki bilen näme etmeli, ikinjiden, üçünjiden?..» Eger size bu sowala jogap bermek kyn bolsa, onda siz depderçäňizde ýa-da gündeligiňizde ýazylanlary ýatdan göz öňüne getiriň. Ähli ýazgylary ýada salyň! Ylaýta-da, öz eliňiz bilen ýazylan gysgaldylan sözler, ýazgylaryň yzygiderliligi.
2. Siz iş günüňizi dört sany deň aralyklara bölüň. Olaryň her bir aralygynda islendik bir iş ýagdaýyny ýa-da bir işgäriňizi hyýalyňyzda janlandyryp, ony surata düşürmäge synanyşyň. Ony şeýle amala aşyrmaly: bellenen ýagdaý ýüze çykanda, iş ýeriňizde ony hyýalyňyza getiriň-de, çarçuwanyň içine ýerleşdiriň. Şol ýagdaýy çarçuwada 3 — 5 sekunt saklaň. Dört ýagdaýyň aralygyndan ýene-de başlangyç ýagdaýy göz öňüne getiriň. Soňra şol wagtky ähli ýagdaýlary yzygiderlilikde göz öňüne getiriň. Indiki gün öz etmeli işleriňizi ýatlanyňyzda size diňe düýnki başlangyç ýagdaýy ýadyňa salmak ýeterlikdir.
3. Bu gönükmede gyzykly, ýatdan çykmajak ýagdaýlaryňyzdan birini göz öňüne getirmeli bolýarsyňyz. Şol ýagdaý sizde rahatlygy, şatlygy döretmeli. Bu ýagdaýyň ähli beden myşsalaryna edýän täsirini ünsli seljeriň. Ýüzüň, boýnuň we gursagyň myşsalarynda ýakymly duýgular ýüze çykýar. Olaryň täsiri dem alyşda hem mälim bolýar. Her ýagdaýy jikme-jik duýanyňyzdan soň ýatda saklamaly maglumatlaryňyzy kelläňizde aýlaň.
4. Siz iş stoluňyzyň üstündäki zatlary öňki tertipde däl-de, şeýle bir ýagdaýda goýuň, goý, olar siziň işjeň ünsüňizi özüne çeksin!
«DURMUŞDA ÝADY TÜRGENLEŞDIRMEK» GÖNÜKMELERI
1. Günde täze maglumatlary okaň.
2. Kinony we gepleşikleri görüp bolanyňyzdan soň, ony başdan ahyryna çenli ýadyňyza düşürmäge synanyşyň.
3. Näme satyn almalydygy baradaky sanaw ýazgyda däl-de, kelläňizde bolsun.
4. Edil şu mahal näme edýändigiňiz barada pikirleniň.
5. Umumy we tötänden duşan tanyşlaryňyzyň, olaryň maşgala agzalarynyň atlaryny ýatda saklamaga synanyşyň. Bu nerw ulgamyňyzy goraýar we kelle beýniňiziň gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
6. Gerekli telefon belgileriniň ählisini ýatlaň.
7. Günüň ahyrynda bolan wakalary ýatlap geçiň.
8. Doglan günleri, dersleriň rejelerini ýatda saklamaga synanyşyň.
9. Gyzyklandyrýan meseleleri, pikirleri bellemek üçin ýörite depderçe ulanyň.
Netije: ýatkeşligi ýaramaz adam ýokdur, diňe biz ondan nähili peýdalanmalydygyny öwrenmelidiris!
Ogulşirin DURDYMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
13.06.2020ý.