«ALTYN KÖL» — DYNÇ ALŞYŇ TÄZE MESGENI

Ynsan saglygynyň pugtalanyp, ömrüniň uzalmagyna gök asmanda şöhle saçýan çogly Günüň, arassa howanyň, päkize suwuň bahasyz baýlykdygy dünýä lukmançylygy tarapyndan bireýýäm ýüze çykarylan hakykat. Halkymyzyň saglygyny ýurdumyzyň baş baýlygy hasaplaýan lukman Arkadagymyz şol sebäpli-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, işden boş wagtlaryny peýdaly geçirmek, ulularyň zähmet rugsadyny, çagalaryň we ýaşlaryň tomus dynç alyşlaryny şadyýanlyga beslemek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaz aýynyň soňky günleriniň birinde, has dogrusy, 28-nji maýda paýtagtymyz boýunça geçiren iş saparynyň çäklerinde şäheriň demirgazygynda ýerleşýän kölüň kenarynda bolup, bu ýerde dynç alyş zolagyny döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürmegi muňa aýdyň mysaldyr. Aradan köp wagtyň geçmändigine garamazdan, dury we göm-gökje suwy bilen özüne çekýän kölüň kenarynda dynç alyş zolagynyň peýda bolmagy juda guwandyryjydyr. Ekologiýa tarapdan arassa, suw aýlanyşygy üstünden geçip duran kölüň gyrasynda dynç alyş üçin ähli amatly şertler bolan rahat düzümiň kemala gelmegi il bähbitli işleriň barha ilerleýändiginiň mysalydyr.

Düýn milli Liderimiziň bu köli «Altyn köl» diýip atlandyrmak baradaky Karara gol çekmegi göwünlere ganat berdi. Sebäbi rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Hakyň didaryny gören islendik suw bihal dälmiş. Ynsan saglygy üçin iň uly zerurlyklaryň biri bolan suw elmydama ýagşy dilegde bolarmyş. Onuň dileglerem Halatly adamlara aýan bolar eken. Oňa biz hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň mermer binalarynyň keşbi suwuna düşüp duran bu kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek hakyndaky başlangyç bilen çykyş edende has-da ynandyk. Sebäbi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň mysalynda hem oňa göz ýetirmek mümkin. Bu günki gün ýüregi halky bilen deň urýan Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, halkymyzy başbitin, sagdyn saklamak ugrunda edýän beýik işleri, tomsuň yssy günlerinde sapaly dynç alşy üpjün etmek ugrundaky deňsiz-taýsyz aladalary sanardan kändir.

Kölüň kenarynda gysga wagtda ýerine ýetirilen işler göwnüňi göterýär. Bu ýerde türkmen telekeçileriniň gatnaşmagynda bina edilen sport we oýun meýdançalary, ulular we çagalar üçin dynç alyş bassyrmalary, çaýhanalar, kafeler, garbanyşhanalar halkyň hyzmatynda. Azyk harytlary dükanlarynyň, saglyk nokadynyň, «Tiz kömek» ulaglary üçin awtoduralgalaryň hem-de gözegçilik diňleriniň bolmagy, bu ugra ýörite ýolagçy awtobuslaryň we taksileriň gatnawynyň ýola goýulmagy bu ýere gelýän ildeşlerimiziň we myhmanlaryň arkaýyn, asuda dynç almagyna ýardam eder.

«Soňky döwürde paýtagtymyzyň aýna ýaly arassa, tekiz, giň şaýollarynda we köçelerinde yzygiderli gatnaýan awtobuslar janyň ujy, derrew garaşdyrman geläýýär» diýýän paýtagtlylary diňlemek örän ýakymly. Ýörite ugurlar boýunça bökdençsiz gatnaýan awtobuslardan başga-da «Teke bazaryndan» Tebigatyň janly muzeýine, «Asma ýola»... gatnaýan awtoulaglar uly-kiçi hemmäniň göwnüni göterýär. Indi bolsa hormatly Prezidentimiziň tabşyryşy ýaly, dynç alyş zolagyna hem ýolagçy awtobuslar, taksiler yzygiderli gatnar. Oňa bu ýerde bina edilen awtoduralgalar hem aýdyň mysaldyr.

Ýurdumyzda sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagyň ýola goýulmagy ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Döwrebap dynç alyş zolagynda dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň, çagalaryň, paýtagtlylaryň dynç almagy üçin niýetlenen desgalar bilen birlikde suw attraksionlaryny öz içine alýan iri toplumyň, sport meýdançalarynyň gurulmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin şertleriň döredilmegi göwünleri hoşluga beslär. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri dynç alýan paýtagtlylaryň we myhmanlaryň kölde gezelenç etmegi üçin suw ulaglarynyň dürli görnüşleriniň, esasan hem, täze nusgalarynyň satyn alynmagydyr. Arassaçylyk derejesi ýokary, hanasyndaky suwy yzygiderli aýlanyşykda bolan şeýle kölde suwa düşünmegiň hem-de kenarynda dynç almagyň lezzeti bolsa başgadyr. Suwdan çykan dessiňe ýylyjak çägede güneşlemegiň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri gaty uludyr. Bu, ylaýta-da, ýetginjekler hem-de entek bedeni berkemedik, gowuşgynsyzlyk, iglilik (rahit), sowuklama ýaly sökelliklerden ejir çekýänler üçin tebigy melhemdir. Munuň üçin kölüň kenarynda Garagumuň her ziresi altyn öwüsýän mele çägesi düşelipdir.

Şeýlelikde, öňem mermer binalary bilen taryha giren ak şäherimiz Aşgabadyň demirgazygynda paýtagtlylaryň we myhmanlaryň, ähli ýaşdaky ildeşlerimiziň, çagalaryň we ýaşlaryň bagtyýar dynç almagy üçin ýene-de bir döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän zolak döredi. Dynç alyş zolagy töweregini jähekläp oturan ýaşyl baglary, medeni we gyrymsy ösümlikleri, al-elwan gülleri bilen göwünleri has-da ganatlandyrýar.

Danalaryň biri ynsany bagtyýarlyga atarýan zerurlyklaryň sanawynda dynç almagy ilkinjileriň hatarynda goýýar. Sebäbi zähmetiň islendik görnüşi dynç almagy talap edýär. Bütin ýylyň dowamynda yzygiderli işleýän adamlara ýörite bir aýlap zähmet rugsadynyň, okuwçylara we talyp ýaşlara gyş hem tomus dynç alyş günleriniň berilmegi hut ynsan bedeniniň täzeden güýç-kuwwata gelmegi, ukyp-başarnygynyň artmagy, zehininiň ýitelmegi, keýpiniň göterilmegi, saglygynyň pugtalanmagy bilen baglydyr. Bu babatda paýtagtymyzyň demirgazygynda bina edilen dynç alyş zolagynyň gymmaty ýokarydyr. Ilimizde gymmatly zatlar bolsa elmydama altyn-zere, göwher-düre deňelýär.

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

16.06.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU