Mälim bolşy ýaly, 15-nji iýunda Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň demirgazygynda halkymyzyň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmäge gönükdirilen nobatdaky desgalary ulanmaga bermegi ýurdumyzda ösen şypahana ulgamyny, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezlerini döretmegiň ýolundaky nobatdaky ädime öwrüldi. Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn köl» häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine doly laýyk gelýär. Bu kölüň kenarynda şäher ilatynyň we myhmanlarynyň, şeýle hem çagalaryň talabalaýyk dynç almagy üçin ähli oňaýly şertler döredildi.
Syýahatçylygyň ösmegi, jahankeşdeleri çekmegiň mümkinçilikleri dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hyzmatlarynyň ýokary bolmagy bilen şertlendirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň tebigy syýahatçylyk hem-de medeni-taryhy mümkinçilikleri, milli baýlygy we özboluşlylygy syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýakymly howa gurşawy, suwuň arassalygy, suwa düşülýän ýerleriň abadanlaşdyrylyşy we suwda dürli oýunlar bilen meşgullanmak üçin şertleriň döredilmegi «Altyn kölüň» paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlaryň, şeýle hem geljekde syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigi şübhesizdir. Ýokary derejeli dynç alyş we saglygyňy berkitmek üçin zerur şertleri özünde jemleýän bu toplum häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Bu ýerde söwda merkezleriniň, kottejler toplumynyň, fitnes zallarynyň we ýapyk görnüşli howuzlaryň, restoranlaryň, akwaparklaryň hem-de sport meýdançalarynyň, seýilgähleriň, medeni çäreler üçin ýerleriň, saglyk nokatlarynyň, gaýyk duralgasynyň we beýleki desgalaryň ençemesi guruldy. Şeýle hem bu ýerde Altyn etrap atly täze etrabyň döredilmegi has-da buýsandyryjydyr. Wagtyň geçmegi bilen kölüň töwerekleri has-da gözelleşip, dynç alyş zolaklary we şertleri artar, täze myhmanhanalaryň gurulmagy bilen bagly birnäçe işler alnyp barlar. Munuň özi «Altyn kölüň» syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyryp, ýurdumyza jahankeşdeleriň yzygiderli gelmegini üpjün eder. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň syýahatçylyk ugry halkara hyzmatdaşlygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar. Şeýle ajaýyp dynç alyş zolagyny açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin!
Döwran DURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
18.06.2020ý.