Bu kyn bolmadyk tehniki usullar size ruhubelentligiňizi artdyrmaga kömek eder. Olary ýerine ýetirmek üçin belli bir pasyl, sagat ýa-da giňişlik gerek däl. Esasy zat gussany ýok etmek!
Häzir seniň rahatlygyňy bozýan gaharyň ýa-da başga bir negatiw duýgynyň suratyny çek. Ony adamjyk, jandar ýa-da näbelli hyýaly barlyk hökmünde suratlandyr. Soňra şol suraty ýak. Has howpsuz usuly — şol kagyzdan uçarjyk ýasap, penjireden uçur ýa-da zibil gutusyna taşla!
Ýokaryk uzan. Elleriňi galdyr, oňurgaňy dogry sakla we Güne garşy gerin. Başyňda täç durandygyny göz öňüňe getir. Durmuşyň ownuk meselelerine kelle agyrtmak hiç zady çözenok ahyry!
Işdeşiňize ýa-da dostuňyza süýjülik hödür ediň! Munuň üçin olar hökman sagbolsun ýa-da mähirli ýylgyryş bilen jogap bererler. Eger ýanyňda hiç kim ýok bolsa — öz-özüňe hödür et. Şeýle hem hökman: «Köp-köp sag bol!» diýmegi ýatdan çykarma!
Aýnada özüňe seredip ýylgyr! Belki, ilkibaşda ýylgyryş biraz ýasamarak ýaly görner, ýöne göreşmegi bes etme! Haçan-da biz ýylgyranymyzda bedenimizde «bagt gormony» bölünip çykýar we keýpimiz öz-özünden gowulanýar. Köçeden geçip barýanlara ýylgyryp salam bermäge synanyş, hökman kimdir biri saňa-da şeýle jogap berer.
Baýramgül MERETMUHAMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
30.06.2020ý.