Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara giňişligine işjeň goşulmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, daşary syýasaty üstünlikli alyp barýan ýurdumyz dünýäniň ählumumy meseleleriniň toplumyna aýratyn üns berýär. Bu babatda Türkmenistan täze-täze başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de şol meseleler toplumynyň möhüm ugry bolan durnukly ösüşi gazanmakda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan, bu guramanyň howandarlygynda 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilen «Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatynyň işiniň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigi barada golaýda gelip gowşan hoş habar doly şaýatlyk edýär.
Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesinden ugur almak bilen, häzirki döwürde halkara derejesinde ýüze çykýan global meseleleriň çözgüdini tapmakda we olar boýunça täsirli çäreleri ulanmakda uly işleri durmuşa geçirýär. Ol meseleler halkara giňişliginde ählumumy häsiýete eýedir. Häzirki wagtda dünýäniň ählumumy meseleleriniň toplumyna parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi degişli etmek bolar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy hemde howpsuzlygy berkitmek bilen bir hatarda, durnukly ösüşi üpjün etmeklige aýratyn uly üns berýär.
Durnukly ösüş maksatlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýan Türkmenistan bu babatda BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýer ýüzünde bar bolan şeýle ählumumy meselelere seredýän iň iri halkara guramalaryň biri hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasy we onuň agentlikleri bilen ýurdumyzyň arasynda bu ugur babatyndaky gatnaşyklaryň täze tapgyry 2015-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen geňeşmeleriň netijesinde başlandy. Şol geňeşmelere BMG-niň agentlikleri bilen ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň düzümi ylalaşyldy we tassyklanyldy. Netijede, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalaryna we ösüş strategiýalaryna ornaşdyran hem-de ýerine ýetirmek üçin onuň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji döwletleriň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlarynyň 150-ä golaý wezipesi hem-de 200-e golaý görkezijisi seçilip alyndy. Onuň 17 maksadynyň hemmesi hem Türkmenistan tarapyndan tassyklanyldy. Şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenilmek bilen, häzirki wagtda onuň wezipeleriniň 85 göterimi milli we pudaklaýyn maksatnamalarda amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek hem-de geljekki döwürde durnukly we sazlaşykly ösüşi gazanmak babatynda alyp barýan işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini subut edýär.
Bulardan başga-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny» hem belläp geçmek möhümdir. Bu çarçuwaly maksatnama özüniň ähmiýeti boýunça sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek bilen abadançylygy gazanmagyň bähbitlerine doly kybap gelýär. Ol BMG-niň ulgamy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyň 5 sany esasy ugurlaryny öz içine alýar. Çarçuwaly maksatnama ýurtda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine goldaw bermekligi we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaklygy maksat edinýär. Munuň özi ýurdumyzyň BMG bilen durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmeklige täze mümkinçilikleri açar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň bütin dünýäde durnukly ösüşi gazanmaklyga gönükdirilen halkara başlangyçlary özüniň beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Aşgabatda 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek babatda halkara maslahatyň geçirilendigini we onuň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigini görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen guralan bu forum barada aýdanymyzda, ol wideomaslahat görnüşinde geçirildi. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de BMG we onuň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, UNFPA, BMGÖM, ÝUNISEF ýaly düzümleriniň, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk edarasynyň Ýewropa toparynyň, ESKATO-nyň wekilleri gatnaşdy. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça bu halkara okuw maslahatyny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we beýleki agentlikler bilen bilelikde gurady. Bu halkara okuw maslahatynyň dowamynda düzümleýin mowzuk boýunça dört mejlis geçirildi we olaryň çäklerinde häzirki döwürde köpçülikleýin ýaýran ýokanç kesel zerarly dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak meselelerine seredildi. Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara görä, bu Bilelikdäki Beýannama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň altysynda çap edildi we ol agza ýurtlaryň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Ähmiýeti şeýle ýokary bolan Bilelikdäki Beýannama häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň öňünde duran durmuş, ykdysady we ynsanperwer wezipeleri hakykat ýüzünde amala aşyrmaga itergi berer.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimiziň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan oňlanylýar we ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Bütin dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen halkara giňişliginde belent mertebä eýe bolan ýurdumyz bütin adamzadyň ykbalyna dahylly işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa öz nobatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň agentlikleri bilen ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we bu babatda oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna güwä geçýär.
Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby,
“Nesil” gazeti,
02.07.2020ý.