MERDANA NESIL — 2025

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3—5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda yglan eden “Merdana nesil — 2025” atly şadyýan bäsleşiginiň Garagum etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň mekdep tapgyryndan saýlanan okuwçy oglanlar Düzgünnamanyň şertleri boýunça çykyşlary ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Onda etrabyň 7-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýdyň Amangeldiýew we 2-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Jumagylyç Jumagylyjow has başarnykly çykyş edip, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan merdana nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Garagum etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi bagtyýar zamanada bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýazmyrat ANNAGURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2025 | 21 okalan

AGZYBIR MAŞGALA – JEBIS MILLET

26 Noýabr 2025 | 22 okalan

MERDANALARYŇ BÄSLEŞIGI ŞOWHUNA BESLENDI

26 Noýabr 2025 | 22 okalan

MERDANA NESILLER BÄSLEŞDILER