Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda etrabyň H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň günsaýyn ösüp-özgerýändigi, Diýarymyzda toýlaryň toýlara ulaşýandygy dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.
Ruhubelentlikde geçen duşuşykda ýurdumyzy dost-doganlygyň, baky bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.











