Asudalyk ― Zeminiň rahat goýnunda abadan garşylanan ertirler, rahat uka giden gijeler, geljege umytly ýaşamak, belent maksatlara ýetmäge mümkinçilikdir. Asudalyk ― heňňamlar öwrülip, döwürler dolanyp, adamzadyň gadyryna ýetip bilmejek bahasyz gymmatlygydyr. Hut şol jähetden hem ähli döwürlerde onuň goragy ynsanyň iň esasy wezipesi bolupdyr. Ylmyň, tehnologiýanyň günsaýyn, sagatsaýyn özgerýän, ösýän döwründe bu gymmatlygy aýamak aňrybaş zerurlykdyr. Muňa aňryýany bilen düşünýän häzirki zaman adamzat jemgyýeti bu ugurda halkara derejesinde tagallalary birleşdirmekligiň wajyplygyna ähmiýet berýär.
Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisiniň biragyzdan goldamagy bilen 2015-nji ýylda kabul edilen Durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli adamzat we Ýer şary üçin has oňaýly şertleri döretmegi maksat edinýän resminamadyr. Ol dünýäniň ähli sebitlerinde abadançylygy gorap saklamaga we umumadamzat bähbitli ösüşleri gazanmaga gönükdirilendir. Dünýä ýüzüniň adamlarynyň ösüş babatynda ýüzbe-ýüz gelýän esasy meselelerini çözmäge gönükdirilen 17 sany biri-biri bilen bagly maksatlaryň amala aşyrylmagy ählumumy ösüşe durnukly häsiýet berer.
Dünýäde asudalygy berkarar etmeklige wajyp goşant goşýan, Durnukly ösüş maksatlaryna diňe bir milli derejede däl, eýsem, dünýä derejesinde uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan bu Maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Maksatlara ýetmek babatda durmuş-ykdysady ähmiýetli milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda giňişleýin açylyp görkezilýär. Onda ählumumy maksatlar babatda ýurdumyzy senagat-innowasion taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça täze wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalar, strategiýalar we meýilnamalar özünde esasy ugurlaryň biri hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli amala aşyrmak wezipelerini birleşdirýär we özüne esasy ugurlaryň üçüsini ― ykdysady, durmuş we ekologiýa garaýyşlaryny jemleýän syýasaty işjeň durmuşa geçirýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we milli Liderimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan beýleki strategiýalaryň ählisi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek babatda halkara maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy agzalan halkara guramanyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Resminama şol guramanyň alty resmi dilinde çap edildi we agza ýurtlaryň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu resminamanyň biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hem-de bu abraýly halkara guramanyň degişli köptaraplaýyn resminamalarynda tassyk edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 25 ýyllygyny belleýän ýylymyzda kabul edilmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr.
«Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatynyň işiniň netijeleri boýunça Beýannamada Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde durnukly we ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň hukuk gurallaryny döretmek, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek boýunça başlangyjynyň goldanylmagy guwandyryjydyr. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça dünýä bileleşiginiň bähbitlerine Baş Assambleýanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak meseleleri boýunça energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we sport meselelerine bagyşlanan Rezolýusiýalar işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi. Şeýle-de diňe ulag ulgamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly, 2015-nji ýylda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly, 2017-nji ýylda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň netijeliliginiň subutnamasydyr.
Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwlet bolmak bilen, bu abraýly halkara gurama bilen uzak ýyllaryň dowamynda oňyn hem-de bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda ýurdumyzyň agzalýan guramanyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy-da ysnyşykly gatnaşyklaryň pajarlaýandygyndan nyşandyr. Biziň ýurdumyzyň bu abraýly wezipä eýýäm altynjy gezek saýlanylmagy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ynsanperwer daşary syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.
Daşary syýasatda sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň halkara abraýy mundan beýläk-de belende galsyn! Hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde dost-doganlygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkarar etmäge gönükdirilen beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.
“Nesil” gazeti,
14.07.2020ý.