Aýjahan GULHANOWA, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň uçurymy, ýaş alymlaryň bäsleşiginiň şu ýylky ýeňijileriniň arasyndaky ýeke-täk mekdep okuwçysy, ilkinji nobatda, talyp bolmagy, soňra bolsa ylmy gözlegleri dowam etdirmegi meýilleşdirýär.
IŇ ÝAŞ ALYM
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýyl geçirilýän ýaş alymlaryň arasyndaky ylmy, taslama bäsleşikleri ýurdumyzda ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanyny görnetin artdyrdy. Aslynda, ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşik ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy gözleglerine berilýän ünsüň bir guraly. Esasy guwandyrýan zat, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryndan başlap, talyplara, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenlere çenli bäsleşige, şeýlelikde, ylmy gözleglere bolan gyzyklanmanyň ululygydyr. Eger-de siz bu bäsleşigiň tapgyrlarynyň haýsy hem bolsa birine gatnaşyp gören bolsaňyz, onda biziň ýaşlarymyzyň haýran galdyryp bilýän taslamalar bilen meşgullanýandygynyň janly şaýady bolansyňyz. Şu ýylky ýeňijileriň arasynda 2020-nji ýylyň uçurymy, paýtagtly zehinli gyz Aýjahan Gulhanowa-da bar. «Nesiliň» täze rubrikasynyň ilkinji sanynyň Aýjahanyň ylmy gözleglerine bagyşlanmagynyň esasy sebäbi onuň şu ýylky ýeňijileriň iň körpesi bolmagydyr. Aýjahan Gulhanowa öz ylmy gözlegleriniň netijeliligi we ähmiýetliligi bilen bu bäsleşige gatnaşan talyplardyr hünärmenleriň ýüzlerçesinden öňe saýlanmagy-da başardy. Bäsleşikde onuň işi üçünji orna mynasyp görlen hem bolsa, ýeňijileriň arasyndaky ýeke-täk mekdep okuwçysy bolmagynyň özi uly ýeňiş ahbetin.
ÝEŇŞIŇ SEBÄBI: MILLILIK BILEN DÖWREBAPLYGYŇ SAZLAŞYGY
Obada ösüp, kemala gelen okyjylarymyz bilýändir: ene-mamalarymyz süzmeli haltadan damýan suwy bir gaba ýygnap, şoňa saçyny ýuwardylar. Bu suwuň saçyň berkligine, sagdynlygyna, öwüşginliligine täsiriniň bardygyny aýdardylar. Ynha, Aýjahanyň işi şol aýdylanlary tassyklaýar we öňden gelýänleri döwrebap ýollar bilen baýlaşdyryp, saç we endam ýuwujy serişdeleriň täze görnüşini ýüze çykarýar.
Bäsleşigiň eminleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolan iş «Süýt-turşy galyndylaryny gaýtadan işläp, saç we beden ýuwujy serişdeleri işläp düzmek» diýlip atlandyrylýar. Garyndy emele getirilip, täze önümiň alnyşy barada ýaş alymyň özi şeýle gürrüň berýär:
— Süzmäniň suwundan saç we beden ýuwujy serişdeleri almakda, adatça, şeýle maksatly serişdelere garylýan käbir düzümlerden peýdalanyldy. Suwuň ysy aýrylyp, oňa has hoşboý ys berildi. Onuň saçy we bedeni arassalamak mümkinçiligi has artdyryldy. Garynda reňk bermek üçin bolsa şugundyr gaýnadylan suw ulanyldy. Şeýlelikde, hem şampun, hemde suwuk sabyn alyndy.
Täze tämizlik serişdeleri ekologiýa taýdan 70 göterim arassa. Şampunyň saçdaky goňagy aýryjy, tarlaryny güýçlendiriji we iýmitlendiriji häsiýeti bar. Suwuk sabyn hem tebigylygy we aňrybaş derejede arassalap, bedeni iýmitlendirýänligi bilen tapawutlanýar. Serişdeleriň ikisiniň hem hiç hili zyýanly täsiri ýok. Täze önüm janly-jandarlarda synag edildi.
IŞIŇ ÄHMIÝETI NÄMEDE?
Işiň ilkinji ähmiýeti ýene bir ýerli önümi öndürmäge mümkinçiligiň bardygydyr. Häzir ýurdumyzda tämizlik serişdelerini, şol sanda şampundyr suwuk sabynlary öndürýän kärhanalaryň sany barha köpelýär. Ýaş alymyň ylmy gözleglerine esaslanýan täze önümçilik bu işe önjeýli goşant goşup biler. Ýokarky bölümlerden hem okaýşyňyz ýaly, ýaş alym bu önümleriň artykmaç taraplarynyň birnäçesini kepillendirýär. Diýmek, tämizlik serişdelerini öndürmegiň türkmen ýoly, belki, geljekde örüsini has giňelder.
Işiň ikinji bir ähmiýeti süýt önümleri kärhanalarynda galyndysyz önümçiligi ýola goýmak bilen baglydyr. Çünki ýaş alymyň gözleglerinde esasy çig mal süýt önümleriniň galyndy suwy. Bu suwy saglygymyz üçin örän peýdaly tämizlik serişdesine öwürmek mümkinçiligi barka, bu işi ýakyndan öwrenmek we gyzyklanmak önüm öndürijileri üçin bähbitli bolup biler.
ALTYN ÄDIMLER
Haýsydyr bir talybyň ýa-da mekdep okuwçysynyň ylmy bäsleşikde gazanan ýeňşi tarp ýerden dörän zat däl. Ol köp sanly gözlegleriň, şowly we şowsuz synanyşyklaryň netijesi. Bu ýagdaý Aýjahanda hem şeýle boldy.
— Eýýäm sekizinji, dokuzynjy synplarda okaýarkam, ylym bilen içgin gyzyklanyp başladym. Ata-enem, mugallymlarym Atamyrat Şahanow bilen Berdimyrat Ýazhanow meni ýakyndan goldadylar, ýardam berdiler — diýip, Aýjahan ilkinji ädimleri hakynda gürrüň berýär.
Bu ýagdaýa täsinlik hem, şowlulyk hem diýip bolar, ýöne Aýjahan Gulhanowanyň henize çenli gatnaşan üç halkara bäsleşiginiň üçüsinde-de altyn medal alandygy çyn.
Ol ilkinji halkara üstünligini 10-njy synpda okaýarka gazandy. Malaýziýanyň Kedah şäherinde geçirilen halkara ýaryşa «Polimer zyňyndylaryny, plastmassalary ýol gurluşygynda peýdalanmak» atly iş bilen gatnaşan türkmenistanly okuwçy gyzyň ylmy gözlegleri diňe eminleriň däl, hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Çünki ol, köplenç, biperwaý zibile oklap goýberýän plastmassa önümlerimizi zerur ýol gurluşyk serişdesine öwürmegi teklip edýärdi. Asfaltyň düzümine garyljak önüm onuň has berk bolmagyny üpjün etjekdi. Eger-de ulanyşdan galan polimer we plastmassa önümlerini gaýtadan işläp, şol garyndy taýýarlanylsa, gurluşykda ep-esli serişde tygşytlap we has gowy ýoly gurup boljakdy. Eminler bu işi hakykata has ýakyn gördüler we türkmenistanly mekdep okuwçysynyň işini altyn medal bilen sylagladylar.
Ikinji altyn medal mundan bir ýyldan gowrak ozal Türkiýäniň Izmir şäherinde gazanyldy. Bu gezek ol bakteriýalaryň hereketini öwrenip, geljekde iň kiçi robot tehnologiýalary üçin ulanmagy teklip edýärdi. Aýjahanyň teklip edýän, hatda birki nusgasyny ýasap görkezen robotlarynyň esasy aýratynlygy, olaryň ýerli robot bolmagydyr.
Adatça, ylmy bäsleşiklerde heniz beýnisi «ham» robot satyn alnyp, şoňa «tälim berilýär». Ýok, Aýjahan beýtmedi, ol ownujak robotlary ýerli mümkinçilikler bilen hem ýasap boljakdygyny görkezdi. Bu robotlary adamyň baryp bilmejek ýerlerinde barlag geçirmek üçin ulanyp bolar.
Şeýlelikde, türkmenistanly mekdep okuwçysynyň ylmy garaýyşlaryna bu gezek türkiýeli alymlar el çarpdylar. Diňe bir el çarpmak bilen hem oňman, ony ata Watana altyn medal bilen ýolladylar.
Geçen ýylyň oktýabrynda bolsa Aýjahan Gulhanowa hiç bir tehnologiki täsinligiň haýran galdyrmaýan şäherinde — Dubaýda altyn medal gazandy. Ýöne bu gezek onuň ýeke özi däl, Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň ýygyndysynyň hatarynda. Birleşen Arap Emirlikleriniň dünýä meşhur «akylly» şäherinde geçirilen robot taslamasy boýunça halkara bäsleşikde türkmenistanly mekdep okuwçylary robotlara iň gowy erk edip bilen topar boldy. Muny olaryň hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy hem tassyklaýar. Şol toparyň agzalarynyň biri — Aýjahan Gulhanowa bu gezek özünden ulular bilen hem bäsleşip, ýeňiji bolmagy başardy. Onuň ýaş alymlygy, hut, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ykrar edildi.
MAKSATLARYŇ BASGANÇAGY BILEN
Şu günler matematikadan goşmaça ders alyp ýören Aýjahan Gulhanowanyň aladasy indi has kän. Milli Liderimiziň gol çeken resminamasy bilen, 6-njy iýulda dalaşgärleri talyplyga kabul etmek möwsümi başlady. Ýaş alym Aýjahan Gulhanowa hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby bolmagy maksat edinýär. Onuň häzirki ähli ünsi-küýi giriş synaglarynda. Talyplyk dünýäsiniň goýnuna özüni atandan soňra bolsa onuň ýene-de ylymda etsem-goýsamlary, täze maksatlary bar.
Türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde suwara gürleýän Aýjahan bilýän daşary ýurt dilleriniň sanyny ýene-de artdyrmakçy. Ol hem dil, hem ylym bilen dünýäni açmagy maksat edinýän ýaşlaryň biri. Bize bolsa «Maksatlaryň myrat tapsyn, Aýjahan!» diýäýmek galýar.
Agageldi ITALMAZOW, žurnalist
“Nesil” gazeti,
11.07.2020ý.