2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen bu duşuşykda dünýä döwletleriniň özara baglylygynyň ýokarlanýan we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe halklary, sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülen ulag pudagy boýunça dostlukly üç döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «Lapis Lazuli» adyny alan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly mesele ady agzalan üç döwletiň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejede geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine öwrüldi.
Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşi gazanmagyň tarapdary. Ýurdumyz muny alyp barýan daşary syýasaty, öňe sürýän halkara başlangyçlary we durmuşa geçirýän sebit hem-de dünýä ähmiýetli taslamalary bilen doly subut edýär. Türkmen diplomatiýasynyň bu özboluşly aýratynlygy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Netijede, syýasy we ykdysady taýdan durnukly bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň örüsi has-da giňeýär.
Merkezi Aziýada ýerleşýän, Hazarýaka döwleti bolan ýurdumyz halkara ulag geçelgeleriniň täze taslamalaryny durmuşa geçirmek babatynda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmeklige aýratyn uly üns berýär. Bu ugurda Türkmenistan özüniň döredijilik kuwwatyny Ýewropa we Aziýany birleşdirýän ulag ýollarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirýär. Muňa şu ýylyň 2-nji iýulynda milli Liderimiziň Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen bilelikde wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy we onuň çäklerinde döwletleriň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygy hem-de «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesi babatynda anyk teklipleri öňe sürmegi doly şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, onlaýn duşuşygyň gün tertibine çykarylan «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen möhüm taslamalaryň biri bolmak bilen, Owganystanda öndürilen harytlary dünýä bazaryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu multimodal halkara ulag geçelgesiniň taryhyna ser salanymyzda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly ýokary derejeli halkara maslahaty bellemek gerek. Bu maslahatda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi we onda milli Liderimiz täze başlangyç bilen çykyş etdi. Şondan soňra 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (REССA VII) geçirildi. Onuň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Maslahatda gazanylan bu ylalaşyk «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini durmuşa geçirmäge badalga berdi. Şol ýylyň özünde Baku — Tbilisi — Kars ugry boýunça demir ýol açylyp ulanylmaga berildi. «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň herekete getirilmeginde bu demir ýoluň ähmiýeti ýokarydyr. Çünki demir ýol harytlary Hazar deňzinden aňyrda Ýewropa daşamaga mümkinçilik berýär. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň möhüm düzüm bölegi bolan Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi. Ol bu taslamany herekete getirdi. Munuň özi Owganystanyň dünýäniň ykdysady giňişligine we ulag düzümlerine goşulyşmagyna hem-de harytlaryny Ýewropa bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berdi.
Bu ugurda 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berlendigini aýratyn bellemek gerek. Halkara deňiz porty ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen, mümkinçilikleriň giň toplumyny özünde jemleýär. Bu portda nebit guýulýan, parom, ýolagçy we ýük terminallary bar. Port bir wagtda 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçilikli umumy uzynlygy 1800 metre barabar bolan gämi duralgalaryny öz içine alýar.
Täze portuň ýylda 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge hem-de 400 müň konteýneri geçirmäge mümkinçiligi bar. Onuň umumy ýük geçirijilik kuwwaty ýylda 25 — 27 million tonna barabardyr. Ýeri gelende bellesek, portuň 2013-nji ýylda başy başlanypdy. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz çykyş etdi. Milli Liderimiz özüniň taryhy çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümlerine girýän ähli döwletleri «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesiniň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy işjeňleşdirmäge çagyrdy.
Bulardan başga-da, 2018-nji ýylyň noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi. Üstünlikli geçirilen maslahat geljegi uly bolan «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesini durmuşa geçirmäge bu ýurtlaryň işjeň gatnaşmaga taýýardygyny subut etdi we bu taslamany amala aşyrmaga tarap ýolda täze ädime öwrüldi. Şol maslahatda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesiniň Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hemde Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam berjekdigi aýdyldy.
Netijede, «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça 2018-nji ýylyň dekabrynda Hyratdan Turgunda tarap Owganystanda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleri ýüklenen ilkinji awtoulag kerweni ugradyldy. Ulag kerwenleri türkmen-owgan serhedinden geçenden soňra ýurdumyzyň ulag düzümine goşulyp, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna bardy. Awtoulag kerweni Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyndan Gruziýa, 31-nji dekabrda bolsa Türkiýä baryp ýetdi. Bu ulag kerwenlerine ýüklenen harytlar Türkiýä we Ýewropa bazaryna niýetlenen önümleri öz içine alýar. Olar owgan topragynda ýetişdirilen pagta, künji we kişmiş ýaly birnäçe önümlerden ybarat. Bu bolsa durmuşa geçirilýän ulag-üstaşyr geçelgeleriň taslamalaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistan döwletimiziň diňe bir milli bähbitlerden ugur alman, eýsem, ählumumy bähbitleri öňe sürýändigine, goňşy we deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä ummanyna çykmaklygyna ýardam berýändigine şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan özüniň alyp barýan daşary syýasatynda dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmeklige we sebitde ýüze çykýan suw meselelerini halkara kadalaryna laýyklykda çözmeklige üns bermek bilen bir hatarda, ulag diplomatiýasyny hem üstünlikli amala aşyrýar. Munuň özi ählumumy durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga we ahyrky netijede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär. Ine, milli Liderimiziň öňdengörüjiligi, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde ykrar edilen türkmen diplomatiýasynyň üstünligi.
Merkezi Aziýada ýerleşýän, Hazarýaka döwleti bolan ýurdumyz halkara ulag geçelgeleriniň täze taslamalaryny durmuşa geçirmek babatynda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmeklige aýratyn uly üns berýär. Bu ugurda Türkmenistan özüniň döredijilik kuwwatyny Ýewropa we Aziýany birleşdirýän ulag ýollarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirýär. Muňa şu ýylyň 2-nji iýulynda milli Liderimiziň Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen bilelikde wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy we onuň çäklerinde döwletleriň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygy hemde «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesi babatynda anyk teklipleri öňe sürmegi doly şaýatlyk edýär.
Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby,
“Nesil” gazeti,
09.07.2020ý.